Merýem Elizabetiň ýanyna gidýär
39 Şol günlerde *Merýem ýol şaýyny tutup, gyssanmaç Ýahudyýanyň daglyk ülkesindäki bir şähere gitdi. 40 Ol ýerde Zekarýanyň öýüne baryp, Elizabete salam berdi. 41 Merýemiň salamyny eşiden badyna, göwresindäki çaga gymyldap, Elizabet *Mukaddes Ruhdan doldy. 42 Ol batly gygyryp: «Sen aýallar arasynda *ýalkanansyň, göwräňdäki çaga hem ýalkanandyr! 43 Rebbimiň enesi meniň ýanyma geler ýaly, men nädip beýle ýalkandymkam? 44 Salamyň gulagyma gelip ýeten badyna, göwrämdäki çaga begençden ýaňa gymyldady. 45 Rebbiň aýdanlarynyň amala aşjakdygyna iman eden aýal bagtlydyr!» diýdi.